Serdar Hajizade: Eýran uruşy garşylamaýar emma özüni goramaga taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5436-serdar_hajizade_eýran_uruşy_garşylamaýar_emma_özüni_goramaga_taýýardyr
Eýranyň Sepah Pasdaranynyň kosmos güýjüniň serkerdesi Eýranyň ýaragly güýçleri we milleti uruşy garşylamaýar emma mydama ýurdy goramaga taýýardyrlar diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 22, 2019 13:18 Asia/Ashgabat
  • Serdar Hajizade: Eýran uruşy garşylamaýar emma özüni goramaga taýýardyr

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň kosmos güýjüniň serkerdesi Eýranyň ýaragly güýçleri we milleti uruşy garşylamaýar emma mydama ýurdy goramaga taýýardyrlar diýip yglan etdi.

serdar sertip Amir Ali Hajizade IRNA habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň deňiz ýakalarynda Amerikanyň içalylyk uçarmansyz uçarynyň urlyp ýere gaçyrlanlygyna yşarat edip Amerikalylaryň eden işi halkara kada-kanunlaryna garşydy we Eýranyň ýaragly güýçleri hem öz borjyna amal edendirler diiýp nygtady.

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň kosmos güýjüniň serkerdesi serdar sertip Amir Ali Hajizade  şeýle-de Eýranyň ýaragly güýçleriniň Eýranyň howa çägine girenlere beren gaýtawuly gaty bolandyr we bu hereket gaýtalansa Eýranyň gaýtawuly hem gaýtalanjakdyr diiýp sözüne goşdy.