Garip Abady:Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklary halkara kanunlary bozýandyr
Wenada ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň wekili we ilçisi Kazym Garip Abady Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklaryny halkara kanunlaryň tersine bildi.
Amerika döwleti özüniň bikanun işleri bilen beýleki ýurtlaryň boluşlaryny üýtgetmek ugurda gadaganlyklardan bir abzal höküminde peýdalanyp durandyr diýip Garip Abady aýtdy.
ýadro ylalaşygyň iş maslahaty esasynda Eýrana garşy gadaganlyklar ýatyrylmalydyr emma Amerika döwleti bir taraplaýyn bu ylalaşykdan çykmak bilen ozalky gadaganlyklardan aýry täze gadaganlyklary hem ýola berip durandyr diýip Wenada ýerleşen halkara guramalardaky Eýranyň wekili we ilçisi aýtdy.
Garip Abady şeýle-de ýadro ylalaşygy barada Amerikanyň amala aşyrýan işleriniň halkara kanunlaryny we Birleşen Milletler Guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozýandygyny nygtap geçdi.
şol bir wagtda Birleşen Milletler Guramanyň hasabatçysy Idris Jazaýeri Amerikanyň Eýrana garşy ýola berip duran gadaganlyklaryny gaty güýçli hasaplap ony ynsanperwerlikli halkara kanunlaryň tersine bildi.