Yragyň täze goranmak ministri Eýrana minnetdarlygyny bildirdi
Yragyň täze goranmak ministri terrorçy DAEŞ topary bilen garşylaşmakda Bagdada beren kömekleri babatly Eýran Yslam Respublikasyna minnetdarlygyny bildirmek bilen Bagdat-Tehranyň iki taraplaýyn gatnaşyklarynyň berkidilmegini nygtady.
şu gün IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yragyň täze goranmak ministri Najah Hasan Al-Şemri Eýranyň Bagdatdaky ilçihanasynyň harby geňeşçisi serdar Mustafa Moradiýan bilen geçiren duşuşygynda iki taraplaýyn harby we goranyş gatnaşyklaryň ösdürilmegini we özara hyzmatdaşlyklaryň pugtalandyrylmagyny nygtady.
Eýran bilen Yrak iki goňşy,dost we dogan ýurtlar höküminde birek biregiň ýanyndadyrlar diýip Yragyň täze goranmak ministri aýtdy.
bu duşuşykda serdar moradiýan hem Eýranyň goranmak ministri serdar Amir Hataminiň gutlak sargydyny Al-Şemrie gowşuryp Eýranyň Yrak bilen saklaýan harby we goranyş arkalaşyklaryny ösdürmek üçin taýýarlygyny yglan etdi.