Aýatollah Ymamy Kaşany:Şeýh Zakzaky azat edilmelidir
Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatollah Muhammet Ymamy Kaşany türmede saklanylýan Nigeriýanyň yslamy galkynyşynyň ýolbaşçysy Şýh Ibrahim Zakzakynyň hal ýagdaýynyň erbetliginden howatyrlanma bildirip onuň herne basym azat edilmegini nygtady.
Nigeriýanyň yslamy galkynyşynyň ýolbaşçysy Şeýh Ibrahim Zakzaky 2015-nji ýylda bu ýurduň goşunynyň Zariýa şäherine onuň ýaşaýan jaýyna hüjüm etmeginden soň türmä basylandyr.bu hüjümde Şeýh Zakzaky bilen onuň başdaşy ýaralanyp oňa eýerýän adamlaryň ýüzlerçesi şol sanda iki perzendi janlaryny elden berip şehit boldylar.
Tehranyň juma namazynyň hatyby Aýatollah Muhammet Ymamy Kaşany Şeýh Zakzakynyň ýaramaz ýagdaýda türmede saklanylmagyna yşarat edip Nigeriýanyň döwleti we harbylary Amerika,Sionist režimi we Saud Arabystanyň hemaýatlary bilen bu jenaýata baş goşup durandyr diýip beýan etdi.
Ymamy Kaşany şeýle-de Amerikanyň prezidenti Trampyň edip duran işlerine şol sanda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmagyna yşarat edip Trampyň baştutanlygynda edýän döwürinde Amerika dünýäniň ýüzünde aýak aşakda galyp har bolandyr diýip nygtady.
Tehranyň juma namazynyň hatyby Eýranyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky jogapkärçilikleriniň azaldylmagyny Ýewropalylaryň öz borçlarynda tapylmazlyklary üçin bilip Ýewropalylar ýadro ylalaşygyndaky öz jogapkärçiliklerinde tapylmalydyrlar ýogsa Eýran ýenede öz jogapkärçiliklerini azaldar diýip beýan etdi.