Jahangiri:Pars Aýlag sebitiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde Eýran möhüm rola eýedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5629-jahangiri_pars_aýlag_sebitiniň_howpsuzlygyny_üpjün_etmekde_eýran_möhüm_rola_eýedir
Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eýranyň sebitde we Pars Aýlagynda durnukly we hemişelik howpsuzlygyň berkarar bolmagynyň tarapdarydygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 23, 2019 10:56 Asia/Ashgabat
  • Jahangiri:Pars Aýlag sebitiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde Eýran möhüm rola eýedir

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Eýranyň sebitde we Pars Aýlagynda durnukly we hemişelik howpsuzlygyň berkarar bolmagynyň tarapdarydygyny aýtdy.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary Yshak Jahangiri şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde sebitiň howpsuzlygyny diňe Eýran we sebitiň başga ýurtlary üpjün edip bilýändirler oňa görä Amerikalylar we günbatarlylar Pars Aýlagyň hemmeler üçin aman bolmagyny isleýän bolsalar Eýrana basyş bermezden Tehran bilen gepleşige girişip bilerler diýdi.

Jahangiri şeýle-de soňky wagtlarda Pars Aýlagynda ýüze çykan hadysalara yşarat edip sebitiň we dünýäniň meselelerini gepleşik geçirmek bilen çözüp boljakdyr diýdi.

Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary sözüniň dowamynda Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola berip duran basyşlaryna we gadaganlyklaryna yşarat etmek bilen taryh boýunda Eýran milletiniň üstünliginiň syry hyzzatlaryny goramakdadyr diýmek bilen Eýranlylar hemişe dartgynlylyklary çözmek üçin zora daýanmagyň ýerine gepleşige ýüzlenýändirler diýip yglan etdi.