Ruhani: Eýran milleti Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda başyny egmez
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani bütindünýä ähli Amerikanyň basyşlarynyň garşysynda Eýran milletiniň başyny eňmejekdigi baradaky pähime ýetendir diýdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň edary şurasynda beren gürrüňlerinde ýadro ylalaşygyndan çykmak baradaky Amerikanyň bikanun hereketine we Eýrana garşy gadaganlyklaryny artdyranlygyna yşarat edip ýadro ylalaşygy geljek ýyla çenli galsa Birleşen Milletler Guramanyň Eýrana garşy bütin ýarag gadaganlyklary ýatyryljakdyr diýip yglan etdi.
Hasan Ruhani sözüniň dowamynda syýasy we hukuky taýdan ýadro ylalaşygy Eýran üçin gaty möhüm meseledir sebäbi BMG-sy bu halkara ylalaşyga esaslanyp urany baýlaşdyrmak baradaky Eýranyň hakyny ykrar edendir diýip nygtady.
Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani şeýle-de Eýrana garşy bolýalra şol sanda sionist režimi, Saud Arabystan hemde Amerikadaky ekstremistler ýadro ylalaşygyny çydap başarmadylar we açyk tärde bu ylalaşyga garşydyklaryny yglan etdiler we bu ylalaşygy tutuşlaýyn Eýranyň nepine bildiler diýip beýan etdi.