Şamhani:Eýranyň aktiw diplomatiýasyny sanksiýalara salyp bolmaz
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Eýranyň aktiw diplomatiýasyny sanksiýalara salyp bolmaz diýmek bilen Amerika bilen onuň ýaranlary Eýranyň berhak sesiniň dünýäniň gulagyna ýetirmeginiň öňüni alyp bilmezler diýip beýan etdi.
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Amerikanyň hazynadarlyk ministrligi tarapyndan sanksiýalara salynmagyna yşarat edip bu mesele Amerikanyň güýçli basyşlar otlysynyň şowsyzlyk duralgasynda herekete düşendigini we bu otlynyň sürüjisiniň Eýranyň berhak kanunyny hukuklaryna hormat goýup öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmek ugurda otlyň üýtgetmeklige mejburdyklaryny görkezýändir diýip belläp geçdi.
Ali Şamhani Amerikanyň Eýrana garşy güýçli basyş bermek strategiýasynyň şowsuzlygy barada gürrüň gozgap Amerikanyň prezidenti Tramp ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp Eýrana garşy güýçli basyş bermek syýasaty ileri tutmak bilen içeriki we halkara derejesindäki bäsdeşlerini kiçeltmek bilen özüniň parhly bir adamdygyny we az çykdaýjy etmek bilen köp bähbitleri gazanyp bolýanlygyny subutlajak bolup tagalla etdi diýdi.
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň sekretary Eýrana garşy Amerikanyň basyş bermek strategiýasy Eýranyň gudratynyň asly sütünleri bolýan ýolbaşçyny,ilaty,Sepah Pasdarany we daşary işler ministrligi ejizletmeklige daýanýandyr we olaryň garaýyşyndan gadaganlyklar Eýranyň gudratynyň sütünlerine zarba urmak üçin iň az çykdaýjyly ýoldyr diýip sözüne goşdy.
emma Eýran milletiniň,ýolbaşçynyň berk durmaklary we ykdysady ýagdaýynyň gowlaşmagy bilen Amerikanyň Eýrana garşy hereketleri şowsuzlyga uçrandyr diýip Şamhani aýtdy.