Aug 04, 2019 21:50 Asia/Ashgabat
  • Raisi:adam hukuk meselesinde Günbatarlylaryň ýakasy garadyr

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy adam hukuk meselesinde musulmanlary algyly tarap bilmek bilen bu meselede günbatarlylaryň ýakalary garadyr diýip beýan etdi.

şu gün Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Yrahim Raisi Tehranda Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Fazyl Hadi Moslemýar bilen geçiren duşuşygynda adam hukuk meselesinde musulmanlaryň aýdara zatlarynyň köpdigini subut etmek üçin musulman ýurtlaryň arkalaşmaklary gereklidir diýip nygtady.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy DAEŞ ýaly terrorçy we takfiri toparlary Amerikanyň we Sionistleriň döreden toparlary bilmek bilen bütin dünýä imperýalizmiň terrorçy we takfiri toparlary döretmekden maksady musulman ýurtlaryň howpsuzlygyna şikes ýetirmeklikdir diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky çuň arabaglanşyga yşarat etmek bilen bu arabaglanşygyň köki Eýran bilen Owganystan milletleriniň çuň yslamy düşünjelerinden göz baş alýandyr diýip ynam bildirdi.

bu duşuşykda Owganystanyň sena mejlisiniň başlygy Fazyl Hadi Moslemýar hem öz ýurdunyň Eýranyň kanunlaryna we kuwwatlylygyna ýokary hormat goýýandygyny ýatladyp Owganystan Eýranyň milletinden we döwletinden Owgan göçemenleri gyzgyn garşy almaklary babatly gaty minnetdardyr diýip yglan etdi.

Tags