Salami: Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanyň ähtimallaýyn hüjümine berk gaýtawul berjekdirler
(last modified Wed, 07 Aug 2019 16:14:28 GMT )
Aug 07, 2019 21:14 Asia/Ashgabat
  • Salami: Eýranyň ýaragly güýçleri duşmanyň ähtimallaýyn hüjümine berk gaýtawul berjekdirler

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi , Eýran Yslam respublikasynyň ýaragly güýçleri her bir ýagdaýda ýurdyň serhetlerini goramak üçin taýýardyrlar we duşmanyň ähtimallaýyn hüjümine berk gaýtawul berjekdirler diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Serdar Serleşger Huseýin Salami Eýranyň Kermanşah welaýatynyň serhet sebitlerini ýakyndan baryp gören wagty beren gürrüňlerinde serhetleriň howpsuzlygynyň goralmagy Eýranyň ýaragly güýçleriniň gyzyl çyzygydyr diýdi.

 Eýranyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Serdar Serleşger Huseýin Salami Eýran milletiniň perzentleriniň ýurdyň toprak bitewiligini we howpsuzlygyny goramakda taýýardyklaryndan begenç bildirip yslam söweşijileriň , gelim gidim edilmegi kyn bolýan sebitlerde edýän tagallaryna gadyrdanlygyny bildirdi.