Eranyň nebit çekýän gämisi Orta ýer deňiziň suwlaryna tarap ýola düşdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5772-eranyň_nebit_çekýän_gämisi_orta_ýer_deňiziň_suwlaryna_tarap_ýola_düşdi
Eýranyň portlar we deňiz ýollar guramasynyň orunbasary Jelil Yslamy Eýranyň nebit daşaýan GRACE 1 gqmisiniň Jabal-Al-tarek bogazyndan Orta ver deňiziň suwlaryna tarap ýola düşjekdigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 16, 2019 12:18 Asia/Ashgabat
  • Eranyň nebit çekýän gämisi Orta ýer deňiziň suwlaryna tarap ýola düşdi

Eýranyň portlar we deňiz ýollar guramasynyň orunbasary Jelil Yslamy Eýranyň nebit daşaýan GRACE 1 gqmisiniň Jabal-Al-tarek bogazyndan Orta ver deňiziň suwlaryna tarap ýola düşjekdigini habar berdi.

Jelil Yslamy öten agşam Al-Alem bilen geçiren söhbetdeşliginde GRACE 1 qämisi azat bolup Orta ýer deňiziň suwlaryna tarap ýola düşmezden ozal bu gäminiň işgärleri hem azat edildiler diýip yglan etdi.

bu gäminiň maksadynyň Siriýa däldigi mundan ozal yglan bolupdy şoňa görä Jabal Al-Taregyň ýerli jogapkärleri bu gämini tutup saklamak üçin hiç hilli delilleri ýokdyr şonuň üçin hem ony azat etmäge mejbur boldylar diýip Yslamy aýtdy.

Jabal Al-Taregyň ýerli suwdy GRACE 1 gäminiň azatlygyna höküm çykarmagyndan soň Amerikanyň daşary işler ministrligi bu gäminiň işgärlerine garşy gadaganlygyň girizilmegi barada duýduryş berdi.

bu gäminiň azat edilmeginiň yzýany bilen Britaniýanyň daşary işler ministrligi Eýran bu gäminiň Siriýa tarap gitmejekdigi barada söz berendir diýip toslady.

şol bir wagtda Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýran Yslam Respublikasy GRACE1 gämini azat etmek üçin garşy tarapa söz beren däldir diýip yglan etdi.