Rabiei:Sionist režimi özüniň basypalyjylykly işleriniň yzgelimlerini kabul etmelidir
(last modified Mon, 26 Aug 2019 10:28:13 GMT )
Aug 26, 2019 15:28 Asia/Ashgabat
  • Rabiei:Sionist režimi özüniň basypalyjylykly işleriniň yzgelimlerini kabul etmelidir

Eýran döwletiniň metbugat wekili Sionist režiminiň Siriýa,Yrak we Liwan ýurtlaryna garşy ýola beren hüjümlerini ýazgarmak bilen Sionist režimi özüniň elgatyjylykly işleriniň yzgelimlerini kabul etmelidir diýdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei şu gün beren gürrüňlerinde Sionist režimi sebit ilatynyň saklanmaklaryndan we ýöwüş durmaklaryndan tersin tersin peýdalanmaly däldir diýmek bilen Eýranyň Yrak,Siriýa we Liwan milletleriniň öz berhak goranmak haklaryny hemaýatlaýandygyny aýtdy.

Rabiei şeýle-de Liwanyň Hizbolla hereketiniň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollahyň Sionist režimine beren duýduryşyny açyk we berk sargyt bilmek bilen Sionist režimi soňky aýlarda ýaňky ýurtlara hüjümlerini artdyrmak bilen ýüzi galyňlyk bilen halkara kanunlary bozup gelýändir diýdi.

Eýran döwletiniň metbugat wekili sözüniň dowamynda Sionist režimiň uçarmansyz uçarlarynyň Yragyň Al-Haşad Al-Şabi hereketiniň bazalaryna eden hüjümlerine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy Sionist režimiň hüjümleri bilen garşylaşmak üçin Yraklylara elinden gelen kömegi gaýgyrmaz diýip yglan etdi.