serleşger Salami:Eýranyň harby güýji ýeňilmezdir
(last modified Thu, 05 Sep 2019 14:00:45 GMT )
Sep 05, 2019 19:00 Asia/Ashgabat
  • serleşger Salami:Eýranyň harby güýji ýeňilmezdir

yslam ynkylabynyň pasdarlar sepah güýjüniň baş serkerdesi serleşger Hoseýin Salami duşmanlar meýdanda Eýranyň hakyky gudratyny görjekdirler diýmek bilen Eýranyň harby we howpsuzlyk gudraty ýeňilmezdir diýip beýan etdi.

serleşger Salami Eýranyň günortasynda ýerleşen Farsi adasyndaky we Buşeher sebitindäki güýçleriň we bazalaryň ýagdaýyny ýakyndan synlap görenden soň beren gürrüňlerinde Eýranyň ýaragly güýçleriniň kuwwatlylygy ençeme gaýtar tomaşa goýulandyr diýmek bilen duşmanlar şu mahala çenli Eýranyň ýaragly güýçleriniň diňe käbir taraplaryny görendirler we onuň galan taraplaryndan habarsyzdyrlar diýip yglan etdi.

yslam ynkylabynyň pasdarlar sepah güýjüniň baş serkerdesi şeýle-de Eýranyň goranyş ukybynyň uly duşmanlara üstem çykmak esasynda döredilendigini aýtmak bilen Eýranyň sepah pasdaran güýji gudratyny artdyrmak bilen milli howpsuzlygy,ýurt serhetlerini,garaşsyzlygy we toprak bitewiligi goramak üçin her zamandan köpräk taýýardyr diýip sözlerine goşdy.