Eýranyň daşary işler ministrligi : Amerikanyň Eýrana garşy toslamalaryny ýalana çykardy
Eýranyň daşary işler ministrligi Arabystanyň Aramko nebit gurluşyklaryna garşy hüjümde Eýranyň eli bardyr diiýp Amerikanyň ileri süren toslamasyny ýalana çykardy.
Eýranyň daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Tehrandaky ilçihanasyna gowşuran resmi hatynda Amerikanyň Eýrana garşy toslamasyny ýazgarmak bilen Arabystanyň Aramko nebit gurluşyklaryna garşy hüjümde Eýranyň eli bolan däldir we Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň we bu ýurdyň daşary işler ministri Maýk Pompeonyň toslamasy ýalandyr diiýp yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrligi şeýle-de Amerika garap Eýrana garşy hereket edilse wagty köýdürmezden Eýran oňa gaýtawul berjekdir we onuň yzygelimleri wehimiň ojagyna çäklenjek däldir diiýp duýduryş berdi.