Sep 25, 2019 16:02 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Amerikanyň aýak basan ýerinde terrorizm ýaýbaňlaşandyr

Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagnyň 74-nji maslahatyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka sapar eden Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Fox News tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerika her ýere aýak basan bolsa şol ýerde terrorizm hem ýaýbaňlaşandyr diýip ynam bildirdi.

Amerikanyň Damask döwletinden rugsat almazdan Siriýada goşun ýerleşdirmegi Aziýanyň günbatarynda Waşingtonyň ýola berýän terrorizminiň bir mysalydyr diýip prezident Ruhani aýtdy.

Amerika döwleti duşmanyň garşysynda öz ýurdyny goraýan Ýemen ilatyny terrorçy tanatýandyr emma Ýemen ilatyny bombalamak üçin Arabystanyň erkinde ýarag,raketa we bomba goýýan döwletlerden arka çykýar diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.

Eýranyň prezidenti şeýle-de Pars Aýlagynyň howpsuzlygy ugurynda Eýranyň Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynda öňe sürjek Hormozyň barlyşygy diýen taslamasyna yşarat edip Eýran Aziýanyň günbataryna barlyşyk we parahatçylyk sowgat edendir diýip nygtady.

Eýranyň döwlet baştutany Nýu-Ýorkda Eýran bilen Amerikanyň resmileriniň ähtimallaýyn gepleşik geçirmekleri barada berilen soragyň jogabynda egerde Amerika söhbetdeşlige maýyl bolsa onuň şertlerini üpjün etmelidir şol sanda Eýrana garşy ykdysady terrorizmi we gadaganlyklary ýatyrmalydyr diýip beýan etdi.

Tags