Zolnuri:Eýran bilen Türkiýäniň arkalaşyklarynyň ösüşi iki milletiň bähbidinedir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6067-zolnuri_eýran_bilen_türkiýäniň_arkalaşyklarynyň_ösüşi_iki_milletiň_bähbidinedir
Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň başlygy Eýran bilen Türkiýäniň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklarynyň we gatnaşyklarynyň ösüşi iki ýurduň milletleriniň bähbidinedir diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 01, 2019 17:19 Asia/Ashgabat
  • Zolnuri:Eýran bilen Türkiýäniň arkalaşyklarynyň ösüşi iki milletiň bähbidinedir

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň başlygy Eýran bilen Türkiýäniň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklarynyň we gatnaşyklarynyň ösüşi iki ýurduň milletleriniň bähbidinedir diýdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň başlygy Mojtaba Zolnuri Türkiýäniň Tehrandaky ilçisi Derýa Orus bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň taryhy we medeni meňzeşliklerine yşarat edip Eýranyň mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komisýoni dostlukly gatnaşyklaryň ösüşini hemaýat edýändir diýdi.

Zolnuri şele-de Amerika döwletiniň dünýä derejesinde alyp barýan syýasatlaryna tankyt bildirmek bilen Amerikanyň zor aýdýan we ezijilik edýän döwüri gutarandyr şoňa görä dünýäniň garaşsyz ýurtlary indi birleşmek bilen bu ýurduň zor aýtmalarynyň öňünde durmalydyrlar diýip beýan etdi.

Eýran mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasatynyň başlygy şeýle-de Eýran bilen Türkiýäniň gowy arkalaşyklaryna şol sanda sebitde terrorizme we ekstremizme garşy göreşde alyp barýan hyzmatdaşlyklaryna yşarat edip Eýran bilen türkiýäniň hyzmatdaşlyklarynyň gowy netijeleri bolandyr we sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün bolmagyna kömek edendir diýip sözlerine goşdy.

Türkiýäniň Tehrandaky ilçisi Derýa Orus hem bu duşuşykda Türkiýäniň daşary syýasatynda Eýranyň möhüm oryna eýedigini aýtmak bilen iki ýurduň mejlisleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň artmagy iki taraplaýyn arkalaşyklary ösdürmekde möhüm roly bardyr diýdi.