Oct 01, 2019 21:56 Asia/Ashgabat
  • Larijani Arabystanyň mirasdüşeriniň aýdanlaryny garşy aldy

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy Tehran bilen Riýadyň arasyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak barada Arabystanyň mirasdüşeri Muhammet Bin Salmanyň aýdanlaryny garşy alyp bu hilli söhbetdeşlikler kynçylyklaryň köpüsini aradan aýyryp biler diýip ynam bildirdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijaniň Gataryň Al-Jazira tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Arabystanyň Eýran bilen gepleşik geçirmegi üçin gapylar açykdyr diýip yglan etdi.

Larijani şeýle-de Eýran bilen Arabystanyň arasynda her hilli gepleşigiň geçirilmeginiň sebitiň howpsuzlyk we syýasy kynçylyklarynyň köpüsini çözüp biljekdigine yşarat edip Tehran pars aýlagynyň ýakasynda ýerleşen ýurtlaryň gatnaşmaklarynda bu sebitde toparlaýyn howpsuzlyk sistemanyň döredilmeginiň yzyndadyr diýip beýan etdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Arabystan bilen Ýemeniň arasyndaky uruş barada hem gürrüň gozgap Eýran Ýemeniň Ansarolla hereketine atyşygy bes etmek baradaky teklipleri garşy almaklygy maslahat berýär diýdi.

 

Tags