Musawi: Eýranly raýatlaryň dosýesine Fransiýanyň gatyşmagy kanuny däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6094-musawi_eýranly_raýatlaryň_dosýesine_fransiýanyň_gatyşmagy_kanuny_däldir
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýranly raýatlaryň birisi hakda Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň aýdan gürrüňleri kanuny däldir we Eýranyň içerki işlerine gatyşylmagy hökümindedir diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 04, 2019 16:45 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Eýranly raýatlaryň dosýesine Fransiýanyň gatyşmagy kanuny däldir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýranly raýatlaryň birisi hakda Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň aýdan gürrüňleri kanuny däldir we Eýranyň içerki işlerine gatyşylmagy hökümindedir diýdi.

Fariba Adelhah birnäçe wagt mundan ozal içalylyk etmekde aýyplanyp Eýranda tutulandyr.

şeýle halda Fransiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Agnès von der Mühll öten agşam bikanun bir hereket boýunça bu içalyň azatlyga goýberilmegini isländir.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi bolsa Eýranly raýatlary artykmaç raýatlyklarynyň bolmagy Eýran Yslam respublikasynyň kanuny boýunça ykrar edilen däldir şonuň üçin hanym Fariba Adelhah Eýranyň raýaty hasaplanýar we bir Eýranly höküminde bütin graždanlyk hukukdan paýlydyr diýdi.