Oct 09, 2019 17:35 Asia/Ashgabat
  • serleşger Salami:gadaganlyklar Eýranyň goranyş tehnologiýasynyň ösüşine sebäp bolandyr

yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň baş serkerdesi duşmanlaryň Eýrana garşy zalymlykly gadaganlyklary Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş tehnologiýasynyň ösüşine sebäp bolandyr diýdi.

yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň baş serkerdesi serdar serleşger Huseýin Salami şu gün Eýranyň demirgazygynda ýerleşen Gilan welaýatyna baran mahaly habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde duşmanlaryň dürli örilerde şol sanda ylmy,senagat,tehnologiýa we ykdysady örilerde Eýrana garşy zalymlykly gadaganlyklaryna yşarat edip bu gadaganlyklaryň Eýranly ýaşlaryň gije gündiz tagallalary bilen puja çykandygyny nygtady.

yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň goranyş ösüşleri taýsizdir we olaryň käbiri hem tomaşa goýulandyr diýip serleşger Salami aýtdy.

serdsr Salami şeýle-de sepahyň geçirýän türgenleşiklerine yşarat edip sepah pasdaran güýjüniň gury ýerde,howada we deňizde geçirýän türgenleşikleri dowam etjekdir diýdi.

Tags