Oct 10, 2019 19:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň mejlis başlygy Türkiýä saparyny goý galsyn etdi

Türkiýäniň Siriýa garşy harby operasiýasyna başlamagynyň yzy bilen Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Türkiýä saparyny goý galsyn etdi.

Türkiýäniň mejlis başlygynyň çakylygy boýunça Parlament oturylyşyklara gatnaşmak üçin Stambula gitmeli bolan Ali Larijani Türkiýäniň, Siriýaniň çägindäki harby operasiýalary babatly bu saparyny ýatyrdy.

Türkiýe, Siriýanyň demirgazyk sebitlerine edýän hüjümleriniň maksadyny halk goraýjy güýçler ÝPG, Türkiý Kürdüstanynyň işçiler partiýasy PKK we DAEŞ toparyna hüjüm etmegi yglan edendir.

käbir habar çeşmeleriň maglumagtna görä bu hüjümlerde şu wagta çenli 15 adam öldi we azyndan 40 adam hem ýaraly boldy.

Tags