Zangane: Eýranyň nebit ösüşiniň togtadylmagy ugurdaky hereketler şowsuzlyga uçrady
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane, Eýranyň nebit senagatynyň ösüşi togtan däldir-de eýsem dürli karar hatlara gol çekilip ýerine ýetirilmekleri we dürli proýektleriň ulanyşa berilmekleri bilen köpelendir diýdi.
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane, Tasnim habarlar gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde sanksiýalar bilen Eýranyň nebit senagatynyň ösmeginiň togtadylmagy ugrunda köp tagalla edilmegine garamazdan gadaganlyklar döwründe Eýranyň nebit senagatynyň ösüşi badalga alandyr diýdi.
Eýranda nebit we gaz browlamak ugurdaky işler dowam edýär, her haçanda täze gazuw işler netijä ýetse hoş habar höküminde ilata eşitdiriljekdir diýip Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane sözüne goşdy.