prezident Ruhaniň Baku maslahatynyň ýanynda geçiren duşuşyklary
(last modified Fri, 25 Oct 2019 12:43:39 GMT )
Oct 25, 2019 17:43 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhaniň Baku maslahatynyň ýanynda geçiren duşuşyklary

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku-da geçirilen Goşulmazlyk hereketiniň başlyklar maslahatynyň ýanynda geçiren duşuşyklarynyň gidişinde Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madoro bilen duşuşyp gürrüň etdi.

Tehran özüniň dost we dogan ýurdy bolan Wenesuela bilen saklaýan aragatnaşyklaryny bütin örilerde ýaýbaňlaşdyrmaga taýýardyr diýip prezident Ruhani aýtdy.

Eýranyň döwlet baştutany sözüniň dowamynda Eýran bilen Wenesuela ýurtlary halkara guramalarda birek-birege berýän hemaýatlaryny dowam ederler diýip beýan etdi.

prezident Ruhani Eýran bilen Wenesuela milletleri Amerikanyň garşysynda berk durmak bilen bu ýurdy yza süýşmäge mejbur edendirler diýmek bilen Amerikalylar Aziýanyň günbatarynda indi Yrak bolsun ýada Siriýa Palestina bolsun ýada Owganystanda üstünlik gazanyp başaran däldirler diýdi.

bu duşuşykda Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Madoro hem öz ýurdunyň Eýran bilen saklaýan aragatnaşyklaryny ösdürmekçidigini aýdyp iki ýurduň ortak ykdysady komissiony Tehran bilen Karakasyň arkalaşyklarynyň ýollaryny belli edendirler indi olary herne basym durmuşa geçirmek gereklidir diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Baku-da Pakistanyň prezidenti Aref Alawi bilen geçiren duşuşygynda Eýran sebit ýurtlary bilen şol sanda Pakistan bilen saklaýan aragatnaşyklaryna ýörite ähmiýet berip bu aragatnaşyklaryň syýasy,ykdysady we söwda bölümlerde ösdürilmegini nygtaýandyr diýdi.

Pakistanyň prezidenti Aref Alawi hem bu duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky gadymy gatnaşyklara yşarat edip Eýran bilen Pakistanyň arasyndaky söwdanyň mukdarynyň iki ýurduň arasyndaky bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda ösdürilmegini nygtady.

Tags