Musawi:Eýran Yragyň özgerişlerini dykgat bilen yzarlaýandyr
(last modified Sun, 27 Oct 2019 10:51:03 GMT )
Oct 27, 2019 15:51 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Eýran Yragyň özgerişlerini dykgat bilen yzarlaýandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili onlarça adamyň ölmegine ýada ýaralanmaklaryna baryp çatan Yragyň soňky özgerişlerinden gynanç bildirmek bilen Eýran Yragyň özgerişlerini dykgat bilen yzarlap durandyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Seýed Abbas Musawi Yragyň özgerişleri barada beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy Yragyň din mujtähitleriniň gürrüňlerinde we beýannamalarynda nygtalyp bu ýurduň premýer ministriniň gürrüňlerinde makullanan Yrak ilatynyň isleglerinden arka çykýandyr diýip yglan etdi.

Musawi şeýle-de onlarça adamyň ölmegine we ýaralanmaklaryna hem-de şäher gurluşyklaryna zyýanyň ýetişmegine baryp çatan Yragyň soňky özgerişlerinden gynanç bildirmek bilen Yragyň döwletiniň,milletiniň we din mujtähitleriniň arkalaşygy bilen kynçylyklaryň çözüljekdigini aýtdy.

soňky hepdelerde Yragyň käbir welaýatlarynda işsyzlyk we korropsiýa babatly protestler geçirilip başlandy emma soňky günlerde bu protestler gahar gazaba çekilendir.