prezident Ruhani Gazagystanyň garaşsyzlyk alan gününiň ýyllygyny gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Gazagystan Respublikasynyň garaşsyzlyk alan gününiň 28-nji ýyllygyny bu ýurduň prezidentine gutlady.
şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Gazagystan Respublikasynyň prezidenti Kasym Jomart Tokaýewe iberen gutluk sargydynda ortak tagallalaryň saýasynda Eýran Yslam Respublikasy bilen Gazagystan Respublikasynyň iki taraplaýyn,sebitleýin we halkara örilerindäki gatnaşyklarynyň we geňeşmeleriniň gün saýyn ösmegini umyt etdi.
prezident Ruhani şeýle-de geçen 3 on ýyllykda iki taraplaýyn bähbitler esasynda iki ýurduň arasyndaky arkalaşyklaryň dowam etmeginiň dürli meýdanlarda Eýran bilen Gazagystanyň arkalaşyklarynda we hyzmatdaşlyklarynda möhüm rolynyň bolandygyny aýtdy.
Gazagystan Respublikasy 1991-nji ýylyň 16-nji Dekabrynda öňki Orsýetden garaşsyz boldy.