Rawançi:ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň bir taraplaýyn ýerine ýetirilmegi dowam etmez
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň bir taraplaýyn ýerine ýetirilmegini soňy bolmadyk iş bildi.
Mejit Tahyt Rawançi düýn ýadro ylalaşygynyň iş maslahaty ugurdaky howpsuzlyk geňeşiniň 2231-nji kararynyň ýerine ýetirilşi baradaky Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterreşiň hasabatyny barlamak maksady bilen geçirilen bu guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda beren gürrüňlerinde bikanun gadaganlyklaryň dowam edip beýleki taraplaryň hem Eýranyň bähbidini üpjün etmek ugurda hiç bir işi etmeýän ýagdaýlarynda Tehran şeýle bir ýagdaýa biparh çemeleşip bilmez we Eýran özüniň milli bähbitleri üpjün etmek ugurda kä işleri etmeli bolar diýip beýan etdi.
Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň 26-nji we 36-nji bentleri esasynda özleriniň kä jogapkärçiliklerini togtadandyr we diplomatiýa möhlet bermek üçin bu işi tapgyrlaýyn her iki aýdan ýerine ýetirendir diýip Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili aýtdy.
Eýranyň bu işlerini gaýdyp alyp bolar emma gadaganlyklaryň Eýrana ýetiren zyýanlarynyň ýerini dolduryp bolmaz diýip Tahyt Rawançi sözlerine goşdy.
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary howpsuzlyk geňeşiniň ýaňky maslahatynda beren hasabatynda Amerikanyň Eýranyň tersine ýola beren bir taraplaýyn gadaganlyklaryny ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň tersine bilip bu ylalaşygyň netijesinde howpsuzlyk geňeşiniň makullan 2231-nji karary esasynda hemme ýurtlar Eýran bilen arkaýynlykda söwda edip bilmelidirler diýdi.