Eýran, Orsýet we Hytaýyň bilelikdäki deňiz türgenleşigi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6626-eýran_orsýet_we_hytaýyň_bilelikdäki_deňiz_türgenleşigi
Eýran, Orsýet we Hytaýyň bilelikde geçirýän türgenleşigi , bilelikde hyzmatdaşlyk edilip birleşikde bolmagyň saýasynda hemişelik howpsuzlyk, dostluk we parahatçylygyň bolmagy sargydy bilen şu günden Omanyň demirgazygynda başlandy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 27, 2019 20:04 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Orsýet we Hytaýyň bilelikdäki deňiz türgenleşigi

Eýran, Orsýet we Hytaýyň bilelikde geçirýän türgenleşigi , bilelikde hyzmatdaşlyk edilip birleşikde bolmagyň saýasynda hemişelik howpsuzlyk, dostluk we parahatçylygyň bolmagy sargydy bilen şu günden Omanyň demirgazygynda başlandy.

Eýran goşunynyň deňiz güýjüniň operasiýalar boýunça orunbasary we ýaňky türgenleşigiň metbugat wekili Admiral Golamreza Tahani habar konferensiýasynda eden çykyşynda Hind ummanyň demirgazyk sebiti gaty howpsyz bolýan sebitdir we bu howpsuzlyk bolsa Eýranyň ýaragly güýçleriniňgudraty bilen berkarar bolandyr diýdi.

Admiral Tahani Eýranyň çetleşmejekdigini nygtap bu türgenleşigiň geçirilmegi Eýran, Orsýet we Hytaýyň gatnaşyklarynyň manyly tapgyra ýetendigini we bu baryşyň geljek ýyllarda hem dowam etjekdigini görkezýändir diýip sözlerine goşdy.