Admiral Saýýari:Hind ummanyndaky ortak türgenleşigi Eýranyň baştutanlygynda ýerine ýetirilýär
Eýran goşunynyň sazlaşdyryjy bölüminiň orunbasary Admiral Habibolla Saýýari Eýran,Orsýet we Hytaý aralygyndaky ortak deňiz türgenleşigi Eýran Yslam Respublikasynyň baştutanlygynda ýerine ýetirilip durandyr diýdi.
dünýäniň iň möhüm strategik ähmiýetli ýeri bolýan Hind ummanynda ýerine ýetirilip duran bu türgenleşik Hormoz,Bab-Almandab we Malaga bogazlaryň we geçelgeleriniň aralygynda ýerine ýetirilip durandyr şonuň üçin ýokary ähmiýetden paýlydyr diýip admiral Saýýari şu bir habar konferensiýada aýtdy.
bu sebitde nebit çekýän gämileriň howpsuzlygyny üpjün etmek möhümdir şonuň üçin türgenleşigiň geçirilýän mekanyna altyn uç borçlyk diýlip aýdylýandyr we Eýran üçin hem bu türgenleşik gaty möhümdir diýip admiral Saýýari aýtdy.
düýnden Hind ummanynyň demirgazygynda we Umman deňizinde halkara söwda howpsuzlygy pugtalandyrmakda tejribe gazanmak maksady bilen Eýran,Hytaý we Orsýetiň geçirip duran ortak deňiz türgenleşigi 4 gün uzaga çeker.