Sepah Pasdaran:Amerikalylaryň jenaýatlaryna jogap bermek Yrak ilatynyň hakydyr
yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýji Yragyň Haşad al-Şaabi güýçleriniň pozisiýalaryna Amerikanyň eden hüjümini ýazgaryp Yrak ilaty we Yragyň halyk güýçleri Amerikalylaryň bu terrorçylykly jenaýatlaryna jogap berip olardan ar almak meselesinde haklydyrlar diýip nygtady.
yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýji özüniň şu gün çykaran beýannamasynda Amerikalylaryň ýaňky işiniň maksadyny sebitde bulagaýçylyk döretmeklik bilip Yragyň halyk güýçleriniň bir toparynyň şehit bolmaklaryna ýa-da ýaraly bolmaklaryna sebäp bolan Amerikalylaryň bu terrorçylykly hereketi Yragyň milli häkimiýetini bozmaklyk hasaplanýandyr diýip yglan etdi.
Yragyň Haşad al-Şaabi güýçleri terrorçy DAEŞ we beýleki terrorçylar bilen garşylaşmakda ilatyň ýatlaryndan çykmajak hemasalary döreden yslam çydam toplumynyň iň pidakär adamlarydyrlar diýilip bu beýannamada getirilýär.
ýasama we çaga öldüriji Sionist režimi Amerikaly terrorçylaryň bu işlerinden hoşal bolmasynlar sebäbi yslam ymmaty çydam toplumyndaky öz perzentleriniň gadyryny bilýändirler we sebitde Sionist režimine garşy yrada ýaýbaňlaşjakdyr diýilip yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň beýannamasynyň soňunda getirilýär.