Tehranda , Ukrainanyň uçarynyň ýere gaçyşy baradaky toslamalaryň ret edilmegi
Eýranyň howa ýollar guramasynyň başlygy Ali Abedzade Tehraniň howa çäginde Ukrainanyň ýolagçy gatnatýan uçary raketa bilen urulyp ýere gaçyrlandyr diiýp daşary ýurtly habar serişdleriň ylaýtada Amerikanyň resmileriniň ileri sürýän toslamasyny ret etdi.
Ukrainanyň ýolagçy gatnatýan uçarynyň raketa bilen urulyp ýere gaçyrylmagy boljak zat däldir we şu ugurda akyla laýyk gelýän delil ýokdyr diýip Eýranyň howa ýollar guramasynyň başlygy Ali Abedzade sözüne goşdy.
bu uçar bilen bir wagtda Eýranyň howa çäginde ýene birnäçe uçuş ýerine ýetirilip durdy diýip Eýranyň howa ýollar guramasynyň başlygy Ali Abedzade aýtdy.
Eýranyň howa ýollar guramasynyň başlygy Ali Abedzade şeýle-de Eýranyň bütin harby we harby bolmadyk edaralarynyň arasynda kämil sazlaşyk bardyr we uçarlaryň gatnamagy üçin Eýranyň howa çägi howpsuzdyr diýip yglan etdi.