Feb 07, 2020 20:31 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla Ymami Kaşani: Eýranyň yslam ynkylaby Amerika bilen sionist režimiň yslam dünýäsine musallat bolmagynyň öňüne geçdi

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani yslam ynkylaby bolman bolsady bu günki gün Amerika bilen Sionist režimi Eýrana we yslam dünýäsine musallat boljakdy diýdi.

şu gün Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani Tehraniň juma namazynyň hutbalarynda 1357-nji ýylyň bahman aýynyň 22-sinde Eýranyň yslam ynkylaby ezijileriň şum maksatlarynyň başa barmagynyň öňüni aldy diýmek bilen Eýranyň yslam ynkylaby bilen bir wagtda sebit milletleri we musulman ýurtlary hem sionistleriň we Amerikalylaryň sebitdäki pitneleriniň garşysynda durdylar diýip nygtady.

Tehraniň juma namazynyň hatyby Aýatolla Muhammet Ymami Kaşani sözüniň ýene bir bölüminde asyryň söwdasy adyndaky taslama Amerika bilen sionist režimi üçin asyryň ruswalygy we harlygydyr diýmek bilen sebit milletleri we Palestina milleti Amerika bilen Sionist režimiň bu taslamasynyň garşysynda durjakdyrlar diýip beýan etdi.

Tags