Feb 08, 2020 17:51 Asia/Ashgabat
  • beýik liderimiz:uruş bolmaz ýaly şeýle-de duşman haýbat atyp bilmez ýaly kuwwatly bolmalydyrys

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Eýranyň bütin ugurlarda aýratynda goranmak ugurda kuwwatlanmagynyň zerurlygyny nygtap uruş bolmaz ýaly we duşman haýbat atyp bilmez ýaly kuwwatly bolmagymyz gereklidir diýip nygtadylar.

bütin güýçleriň serkerde başy Aýatolla Hameneýi hezretleri şu gün Eýran goşunynyň howa bölüminiň we howa hüjümlere garşy göreşýän bölüminiň işgärleriniň we serkerdeleriniň duşuşygynda eren gürrüňlerinde ejizlik,duşmanyň garşy herekete girişmäge milt etmegine sebäp bolýandyr diýmek bilen biz hiç bir ýurda we millete haýbat atmagyň yzynda däldiris emma duşmanyň howpynyň öňüni alyp ýurdy goramagyň yzyndadyrys diýip beýan etdiler.

hezretleri Eýranyň ýaragly güýçlerini goranyş bölümde kuwwatlanmaklyga we bu jähetde bütin ukyplaryny we başarnyklaryny işe almaklyga tarap çagyryp egerde Amerikanyň ozalky başlyklary bir bahanalar bilen özleriniň şeýtanlykly maksatlaryny yzarlan bolsalar bu günki gün Amerikalylaryň azgynçylygy,uruş aramaklary,pitne turuzmaklary we başgalaryň zatlaryna göz dikmekleri açaçandyr we basdyr busdyr etmegi hem gyrakda goýandyrlar elbetde Eýran milletiniň duşmanlarynyň alyp barýan bu ýalňyş ýoly hökman şowsuzlyga uçrandyr diýip nygtadylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de Amerikanyň Eýranyň tersine ýola berip duran gadaganlyklaryna yşarat edip duşmanyň howpy pursata öwürjekdir we jenaýatkärçilikli iş hasaplanýan gadaganlyklar hem Eýrany nebite bolan baknalykdan halas edip ýurduň köp kynçylyklaryny çözüp biljekdir diýip belläp geçdiler.

elbetde Amerikanyň häkimiýetinde işleýän kä zehinli resmiler bu hakykata göz ýetirip Eýran nebite bakna bolmadyk ykdysadyýeti tejribe etmeli däldir şonuň üçin Eýranyň ykdysadyýeti nebite bakna bolup galar ýaly bir ýollary açyp gadaganlyklary gowşatmalydyrys diýip aýdandyrlar oňa görä jogapkärler ylaýtada ykdysadyýetde işleýän jogapkärler bu barada hüşgär bolmalydyrlar diýip Aýatolla Hameneýi hezretleri aýtdylar.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sözleriniň dowamynda duşmanlaryň ulanýan şiweleriniň we abzallarynyň çylşyrymlaşmagyna yşarat edip olaryň garşysynda Eýran Yslam Respublikasynyň ulanýan şiweleri we ýollary hem çylşyrymlaşandyr we şu çarçuwada durmuşda ýurduň dürli bölümlerinde doly mantyga laýyk çylşyrymly işler we şiweler yzarlanyp durandyr we bu işler ýurduň strategik maksatlaryny doly üpjün edip duşmany otra edendir diýip beýan etdiler.

Tags