Eýranda Koronawirus keseline uçran adamlaryň sany iki müňden geçdi
Eýranyň saglygy saklaýyş we derman ministrligi şu mahala çenli Eýranda Koroa keseline uçrap janlaryny elden beren adamlaryň sany 77 adama ýetdi diýip habar berdi.
şu gün Eýranyň saglygy saklaýyş we derman ministrliginiň orunbasary habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda Korona keseline duçar bolan adamlaryň sanynyň artyp 2336 adama şeýle-de bu kesel zerarly janlaryny elden beren adamlaryň sanynyň 77 adama ýetenligini yglan etdi.
Alireza Reisiň aýtmagyna görä geçen bir gije gündiziň boýunda täzeden 835 adam Korona keseline uçrap 11 adam hem bu kesel sebäpli ölendirler şele-de ýygnagda 435 adam hem bu keselden gutulandyrlar.
Hytaýyň Wuhan şäherinden başlan Korona keseli durmuşda dünýäniň 70 ýurduna ýaýrap azyndan 92 müň adamyň hassalamagyna sebäp bolandyr.bu sandan 48 müň adam gowy bolup 3 müňsi öz janlaryny elden berendirler.