Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň 552-si gutuldy
Mar 04, 2020 17:49 Asia/Ashgabat
Eýranyň saglygy goraýyş ministrligi şu wagta çenli Eýranda Koronawirusyna duçar bolanlaryň 552-si gutuldy diýip yglan etdi.
Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy gatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň metbugat wekili Kianooş Jahanpoor çarşenbe güni eden çykyşynda Eýranda 2922 adamyň Koronawirusyna duçar bolanlygyny aýdyp gynanç bilen 92 adam hem Koronawirusy zerarly aradan çykdy diýip habar berdi.
Koronawirusy Hytaýyň 30 welaýatyndan aýry dünýäniň 81 ýurdyna hem ýaýrandyr.
Tags