Ruhani:Howpsuzlyk Geňeşinde gadaganlyklary ýatyrmak barada meýilnamasy bardyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7253-ruhani_howpsuzlyk_geňeşinde_gadaganlyklary_ýatyrmak_barada_meýilnamasy_bardyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde dünýäniň durmuşky şertleri şol sanda Eýranyň ýagdaýyny göz öňüne alyp ähli gadaganlyklaryň ýatyrylmaklary barada bir taslamanyň üstünde gürrüň edilip durulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 25, 2020 12:15 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Howpsuzlyk Geňeşinde gadaganlyklary ýatyrmak barada meýilnamasy bardyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde dünýäniň durmuşky şertleri şol sanda Eýranyň ýagdaýyny göz öňüne alyp ähli gadaganlyklaryň ýatyrylmaklary barada bir taslamanyň üstünde gürrüň edilip durulandygyny habar berdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün döwlet kabinetiniň maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýranyň daşary işler ministrligi gadaganlyklara ýok diýmek barada dünýäniň umumy pikiriniň ynamyny gazanmak ugurda gowy işi başlandyr diýmek bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda Eýranyň bloka edilen baýlyklarynyň azat edilmekleri ugurynda tagalla edilip durandyr we bu ugurda gowy ädimler hem ädilendir diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy her bir ýurt kömek islese elden gelen kömegini eder we beýleki ýurtlaryň kömeklerini hem daşary işler we saglygy goraýyş ministrlikleriň syýasatlarynyň çarçuwasynda kabul eder diýip prezident Ruhani aýtdy.

Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren bir taraplaýyn we bikanun gadaganlyklary hatda derman we lukmançylyk mümkinçiliklerde öz içine alýandyr bu mesele bolsa Eýranda korona garşy göreşde kynçylyk döredendir.

Amerikanyň prezidenti Donald Trump geçen anna güni Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyna garşydygyny aýtdy.