Eýranda koronawirusyna uçranlaryň 12 müňden gowragy gutuldylar
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şu wagta çenli Eýranda koronawirusyna uçranlaryň 12,391-siniň sagalyp keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde 38 müň 309 adamyň Eýranda koronawirusyna uçrandygyna yşarat etmek bilen soňky 24 sagatyň boýunda koronadan 123 adamyň ölmegi bilen Eýranda bu keselden ölenleriň sany 2640 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Jahanpour şeýle-de şu mahala çenli Eýranda korona bilen garşylaşmak baradaky milli taslamanyň çarçuwasynda 50 milliondan gowrak adamyň synagdan geçirilendigini aýtdy.
iň soňky sanawlara görä häzirki wagtda dünýäde 668 müňden gowrak adam koronawirusyna duçar bolup şolardan 142 müňden gowragy bu keselden gutulyp azyndan 31000 müň adam ölendirler.