Eýranyň we Russiýanyň prezidentleri Tehran-Moskwa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyny nygtadylar
Eýran Yslam Respublikasynyň we Russiýanyň Prezidentleri Tehran bilen Moskwanyň arasyndaky ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň we ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.
Sişenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani koronawirusa garşy göreşde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we tejribe alyşmaga çagyrdy we Eýran bilen Russiýanyň resmileriniň saglygy goraýyş ptotokollary esasynda ikitaraplaýyn söwdalaşyklaryny amala aşyrmalydyklaryny aýtdy.
ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalary we Halkara Walýuta Gaznasynyň Eýrana garşy sanksiýalary barada durup geçen Ruhani: "Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary kyn şertleri başdan geçirýär we bu ýagdaýda dostlukly ýurtlar hyzmatdaşlyk etmeli we gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmaly diýip nygtady.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we giňeltmegiň häzirki kyn ýagdaýyny ýeňip geçmek we Tehran-Moskwa şertnamalarynyň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmak ugrundaky tagallalary çözmek üçin Russiýa bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki tagallalaryň, hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň zerurdygyny aýtdy.