Eýranda koronawirusly 66,000-den gowrak adam dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi Eýranda koronawirusy ýokaşan 66,596 adamyň sagaldylandygyny we keselhanalardan çykarylandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour anna günihabarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda koronawirus hassalary baradaky soňky statistika barada, soňky 24 sagadyň dowamynda 1168 täze hassanyň tanalandygyna yşarat edip Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 88,194 adam koronawirusa ýolugandyr diýdi.
Jahanpour, şeýle hem, soňky 24 sagatda 93 adamyň ölümine ünsi çekip, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 5574-e ýetendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 2,7 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 191,000 adam öldi, 751,000-den gowrak adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.