Eýranda koronawirusly 75,000-den gowrak adam dikeldildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7528-eýranda_koronawirusly_75_000_den_gowrak_adam_dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä,şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 75103 adam sagalyp keselhanalardan çykarylandyrlar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 30, 2020 11:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronawirusly 75,000-den gowrak adam dikeldildi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä,şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 75103 adam sagalyp keselhanalardan çykarylandyrlar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar we maglumat merkeziniň başlygy Kianouş Jahanpour penşenbe güni Eýranda koronawirus hassalary baradaky soňky sanawlar barada habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde soňky 24 sagadyň dowamynda 983 täze hassanyň kesgitlenendigini aýtmak bilen Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 94,640 adama koronawirusy ýokaşandyr.

Jahanpour, şeýle hem, soňky 24 sagadyň dowamynda bu keselden 71 adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 6028-e ýetendigini aýtdy.

Dünýäde koronawirusy bilen kesellänleriň sany 3,232,000-den geçdi, şolardan azyndan 228,000 adam öldi we 1 milliondan gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldylar.