Koronanyň Eýrandaky soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä şu wagta çenli ýurtda koronawirusly 81,587 adam gowulaşdy we keselhanalardan boşadyldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranda soňky 24 sagadyň dowamynda 1680 täze hassanyň tapylandygyny aýtmak bilen Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 101,650 adama koronawirusy ýokaşandyr.
Jahanpour şeýle hem soňky 24 sagadyň dowamynda 78 adamyň ölendigini aýdyp, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 6,418-e ýetendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşanlaryň sany 3 million 740 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 258 müň adam öldi, bir million 248 müňden gowrak adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.