Eýranyň Daşary işler ministrligi: Amerikanyň ýadro ylalaşygy barada gürrüň gozgap bilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7564-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_amerikanyň_ýadro_ylalaşygy_barada_gürrüň_gozgap_bilmez
ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmeginiň ikinji ýyl dönüminde Eýranyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň ýadro ylalaşygy barada gürrüň gozgap bilmejekdigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 07, 2020 21:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi: Amerikanyň ýadro ylalaşygy barada gürrüň gozgap bilmez

ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmeginiň ikinji ýyl dönüminde Eýranyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň ýadro ylalaşygy barada gürrüň gozgap bilmejekdigini yglan etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti şu gün (penşenbe) ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň ikinji ýyl dönüminde özüniň twitter sahypasynda şeýle ýazdy: Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýadro ylalaşygy ýigrenýär we ondan çykýar we ony bozýar we Bu ylalaşygy goldaýanlaryň hemmesini jezalandyrýar.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Waşingtonyň BMG Howpsuzlyk Geňeşi baradaky borçnamalaryny bozup halkara şertnamasyndan birtaraplaýyn yza çekildi we ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny mälim etdi.