Eýranda koronawirusly 83,000-den gowrak adam dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk merkeziniň başlygynyň aýtmagyna görä şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 83,837 adam sagaldy we keselhanalardan çykarylandyr.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour anna güni soňky 24 sagatda 1,556 täze hassanyň tapylandygyny aýdyp Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 104,691 adam koronawirusa ýokaşdy.
Jahanpour şeýle hem, soňky 24 sagadyň dowamynda 55 adamyň ölendigini aýdyp, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 6,541-e ýetendigini aýtdy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 4 milliona ýetdi, şolardan azyndan 270,000 adam öldi we 1,348 million töweregi adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.