Eýranda koronawirusly 86,000-den gowrak adam dikeldildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7576-eýranda_koronawirusly_86_000_den_gowrak_adam_dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk merkeziniň başlygynyň yglan etmegine görä şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 86143 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 10, 2020 11:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronawirusly 86,000-den gowrak adam dikeldildi

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk merkeziniň başlygynyň yglan etmegine görä şu wagta çenli Eýranda koronawirusy ýokaşan 86143 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour ýekşenbe güni soňky 24 sagatda 1383 täze hassanyň tapylandygyny aýtmak bilen Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, şu wagta çenli Eýranda 107,603 adama koronawirusy ýokaşandygyny yglan etdi.

Jahanpour şeýle hem soňky 24 sagatda 51 adamyň ölendigini aýdyp, Eýranda koronawirusdan ölenleriň sanynyň 6,640-a ýetendigini aýtdy.

Dünýäde koronawirusyna uçran adamlaryň sany 4 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 280,000 adam öldi we takmynan 1,446 million adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.