Eýranyň Daşary işler ministrligi: Palestina barada karar bermek palestinalylaryň hukugy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7633-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_palestina_barada_karar_bermek_palestinalylaryň_hukugy
Eýranyň Daşary işler ministrligi Palestina barada karar bermek palestinalylaryň hukugydygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 19, 2020 17:55 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi: Palestina barada karar bermek palestinalylaryň hukugy

Eýranyň Daşary işler ministrligi Palestina barada karar bermek palestinalylaryň hukugydygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni Kudus gününiň öňüsyrasynda twitter hasabynda şeýle ýazdy: ýedi onýyllygyň dowamynda halkara jemgyýetçiligi Palestina meselesini çözüp bilmedi, sebäbi teklip edilýän meýilnamalar taryhy hakykatlara we köklere laýyk gelmedi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi "Eýran Yslam Respublikasy, Palestina üçin musulman, hristian ýa-da ýewreý bolsun, diňe palestinalylaryň karar berip biljekdigine ynanýar" -diýip yglan etdi.

Mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni, Eýran Yslam Respublikasynyň düýbüni tutujy Ymam Humeýniniň başlangyjy bilen Bütindünýä Kudus güni diýlip atlandyryldy.