Eýranda koronawirusly 105,000-den gowrak adam dikeldildi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi yglan etmegine ]görä,şu wagta çenli koronawirusa ýokaşan 105,801 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň müdiri Kianoş Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky maglumatlara yşarat edip Soňky 24 sagadyň dowamynda 2180 täze hassanyň tapylandygyny aýtdy.
Jahanpour sözüniň dowamynda Täze hassalaryň arasynda 364 adam keselhana ýerleşdirildi, 1816-sy ambulatoriýa we hassalar bilen aragatnaşyk saklaýan adamlar anyklandy we Eýranda Qovid 19 bilen kesellänleriň umumy sany 135,701-e ýetdi.diýdi.
Kianoş Jahanpour şeýle-de soňky 24 sagadyň dowamynda 58 näsagyň ölendigi barada durup geçip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 7,417 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 5 million 422 müň adama ýetdi, şolardan azyndan 344 müň adam öldi we 2 million 255 müňden gowrak adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.