Rahmani Fazli: Amerika Eýranda içerki uruşy döredip bilen däldir
Eýranyň içeri işler ministri Amerika Eýranda durnuksyzlygy, howpsuzlygy we raýat urşuny döredip bilen däldir diýdi.
Eýranyň içeri işler ministri Abdolreza Rahmani Fazli şenbe güni Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň hökümetiniň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine ähli ýollar bilen goşulmaga synanyşýandygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary, koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan häzirki kyn şertlerde-de ähli Eýranlylara sanksiýalar girizendir diýdi.
Rahmani Fazli ABŞ-nyň DAEŞ we Takfiris ýaly sebit terrorçylaryna berýän goldawyny ýazgaryp,sebitdäki howpsuzlygy güýçlendirmek we syýasy, ykdysady we howpsuzlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin sebitdäki ýurtlaryň, şol sanda goňşy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigine yşarat etmek bilen Tähran-Ankaranyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Türkiýäniň içeri işler ministri Süleýman Soýlu ABŞ-nyň Eýranyň içeri işler ministrine garşy sanksiýalar girizmek baradaky soňky ädimine ünsi çekip Amerikalylar aňlary biynjalyk bolanda haýbat atmak, ýok etmek we sanksiýalary girizmeklige ýüzlenýärler diýip yglan etdi.