Eýran Hytaýyň içerki işlerine gatyşylmagyny ýazgarýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili bitewi Hytaý ýörelgesine hormat goýmagyň möhümdigini nygtamak bilen Hytaýyň içerki işlerine daşary ýurtlaryň gatyşmagyny ýazgardy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmazlyk, territorial bitewiligi saklamak we dünýä ýurtlarynyň milli özygtyýarlylygyna hormat goýmak Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda aýdyň we üýtgewsiz ýörelgelerdigini aýtmak bilen Eýran, kanuny ýerine ýetirmek we Honkong halkynyň durnuklylygy, gülläp ösmegi we howpsuzlygy üçin tertip-düzgüniň saklanmagyny isleýär diýdi.
Honkong 1842-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Iňlisleriň gol astyndady, emma Iňlis bilen öňki şertnama gutarandan soň 1997-nji ýylda Hytaýa goşuldy.
Soňky aýlarda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu sebiti beýleki ýurtlar tarapyndan ykrar etmek üçin tagallalaryny güýçlendirdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaýa garşy göreşmek üçin Taýwanyň ýerli hökümetine syýasy we harby goldaw bilen hem işleşýär.