Orsýet,ýadro ylalaşykdaky kynçylyklaryň çözülmegini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8095-orsýet_ýadro_ylalaşykdaky_kynçylyklaryň_çözülmegini_isledi
Ýewropa Bileleşigi we Ýewropanyň Troýkasy halkara ýadro ylalaşygynda borçlarynyň bolmagyna garamazdan,şol borçlary iş ýüzüne geçirmekden ejiz bolýandyrlar we Barjamda boýun alan borçlaryny bitirip başarandäldirler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 06, 2020 09:20 Asia/Ashgabat
  • Orsýet,ýadro ylalaşykdaky kynçylyklaryň çözülmegini isledi

Ýewropa Bileleşigi we Ýewropanyň Troýkasy halkara ýadro ylalaşygynda borçlarynyň bolmagyna garamazdan,şol borçlary iş ýüzüne geçirmekden ejiz bolýandyrlar we Barjamda boýun alan borçlaryny bitirip başarandäldirler.

Ýewropa Bileleşigi we Ýewropanyň Troýkasy halkara ýadro ylalaşygynda borçlarynyň bolmagyna garamazdan,şol borçlary iş ýüzüne geçirmekden ejiz bolýandyrlar we Barjamda boýun alan borçlaryny bitirip başarandäldirler.Ýewropa ylalaşygynda boýun alan borçlaryny bitirmekden ejiz bolmagyndan soň Eýran yslam respublikasy hem 5 tapgyrda Barjamda bolan borçlaryny azaltdy.Eýranyň 5 tapgyrda öz borçlaryny üstünden aýyrmagyndan soň Ýewropalylar ýanwar aýyň 14-inde ýadro ylalaşygynda agyzalalyk ýüze çyksa goýulan bendi äktiwleşdirler.Eýran yslam respublikasy hem Ýewropanyň öz ähtinde  durup bilmesizligi sebäpli Barjamyň 36-njy maddasy esasynda bu mekanizmiň durmuşa geçmegini isledi.durmuşda Orsýet 4+1 toparyň agzalarynyň birisi adynda şu ýerlikde öz pazisiýasyny yglan edendir.Orsýetiň DIM-y bir beýannamany berip Barjamda bolan kynçylyklarynyň çözülmegini we bileleşikli komisýon üstünli bar bolan  agyzalalyklary çözmek üçin zerur bolmadyk işlerden gaça durulmagyny isledi.Orsýetiň daşary işler ministrliginiň beýannamasynda , Orsýetiň garaýşyndan,ýadro ylalaşygyny durmuşa geçirmeklikde her hili näbelliler bar bolsa şol mesele bileleşikli komosiýonda ara atylmalydyr we şonda çözülmelidir diýip gelendir.Orsýetiň daşary işler ministrligi şu ýerlikde her hili agyzalalyk bar bolsa bu iş zaman taýdan gysyş astyna girmelidäldir diýip yglan edendir.Moskwa,Eýran we Ýewropanyň Troýkasynyň arasyndaky agyzalalyklar Barjam ylalaşygynda we amanlyk şuraň 2231-njy karar hatynda gelende nentler esasynda çözülmelidir diýip yglan edip durandyr.şol bir wagtyň özünde Orsýet Eýranyň Ýewropanyň 3 ýurdunyň Barjam ylalaşygynda boýun alan borçlaryndan boýun gaçyrmaklary babatly razy däldigini hem ýatlandyr.Orsýetiň Wenada halkara guramalardaky wekili Mihail Olýanow hem şenbe gün ikindini Barjamda ýüze çykyp duran agyzalalyklaryň bileleşikli komisiýonyň çarçuwasynda çözülmegini isledi.Mihail Olýanow öz Twitter sahypasynda ,Orsýetiň Barjam esasynda bolmaly işler ortak komisiýonyň çarçuwasynda çözülmelidir diýip ýazandyr.