Amerkanyň, General Soleýmanyny teror etmegi halkara kanunlary gödek bozmagydyr
Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň perman bermegi bilen Amerikaň terrorost güýçleri 2020-njy ýylyň ýanwar aýyň 3-inde bir bikanun bolan jenaýaty edip,uçarmansyz uçarlar bilen Eýranyň Yslam Ynkylap Pasdarlar Sepasynyň Gudus güýçüniň öňki serkerdesi General Haj Kasem Soleýmanyny ,Yragyň Haştolşaby güýçleriniň serkerdesiniň öňki orunbasary Abumehdi Almohandesy we olaryň hemralaryny Bagdadyň aeroportynda teror etdiler.
Amerikaň bu jenaýaty jahanda dürli tankytlara duş gelip jahanlylar şony ýazgardylar.şu ýerlikde bolan iň soňki gürrüňde BMG-synyň ýörite hasapçysy we habarçysy, General Haj Kasem Soleýmanyny Amerikaň goşunynyň teror etmegi halkara kanunlary gödek bozmakdy diýip yglan edendir.BMG-synyň kanuny bolmadyk adam öldürmeler hakda bolan ýörite hasabatçy we habarçysy Agnes Kalamar ,Amerika Eýranyň Yslam Ynkylap Pasdarlar Sepasynyň Gudus güýçüniň öňki serkerdesi General Haj Kasem Soleýmany bize golaýda howplary awandyrjakdyr diýen toslamany ileri sürendir, emma Amerika bu toslamasyny subutlamak üçin belli kanagatlandyrjy senetleri ileri sürüp başarandäldir diýip yglan etdi. BMG-synyň ýörite hasabatçy we habarçysy Agnes Kalamar ,uçşuarmansyz uçarlaryň maksatly teror hereketleri etmekleri barada bir hasabaty berip şu ýerlikde kanunyň düzülmegini isländir.ol Amerikaň uçarmansyz uçarlar bilen hujum edip General Haj Kasem Soleýmanyny teror etmegi BMG-synyň kanunlaryny gödek bozmakdy diýip yglan edndir. BMG-synyň ýörite hasabatçy we habarçysy Agnes Kalamar jahan uçarmansyz uçarlardan haýyrlanmak babatly ýyty bir zamanda birleşendir .BMG-synyň amanlyk şurasy hem şu ýerlikde hiç bir işi etýändäldir we halkara köpçüligi bilip ýa-da bilmezden dimip durandyr diýip yglan edendir. BMG-synyň ýörite hasabatçy we habarçysy Agnes Kalamar geljek penşenbe güni öz hasabatyny BMG-synyň adamzat hukuk boýunça bolan şurasyna gowşurjakdyr we BMG-synyň adamzat hukuk boýunça bolan şurasy şonuň hasabaty hakda maslahatlary geçirjekdir.Amerik 2 ýyl ozal bu şurany terk edendir.