Ortaýer deňiz boýunça bolan widio konferensiýasy
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Orta-ýer deňiz boýunça bolan widio konferensiýada eden çykyşynda bir taraplaýyn bolýan we öz başyňa gidip edilýän hereketler bilen garşylaşmagyň we jahanlyk hyzmatdaşlygyň bolmagyny zerur hasaplady.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öz sözlerinde jahan durmuşda 2 wirusy bilen ýüz be ýüz bolup durandyr,biri Krona Wirusy we ol birisi bir taraplaýyn hereket etmek wirusydyr diýip yglan edendir.ol öz çykyşynda uly bir kynçylykdan gürrüň gozgandyr. Eýranyň daşary işler ministri Zarif, Amerikaň bir taraplaýyn etýän hereketleri bilen halkara gatnaşyklar howpa düşüp durandyr diýip yglan etdi. Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öz sözleriniň bir bölüminde sebitde amanlyk ýagdaýyň nähili digine yşarat edip,iň uly gynançymwe başarman işim şudir welin goňşy ýurtlary sebitiň amanlyk meselesi hakda hyzmatdaşlyga tarap gitmekde kangatlandyryp başarmadym diýip beýan edendir. Ortaýer deňiz boýunça bolan widio konferensiýasy ,ýurtlaryň öz garaýyşlaryny,pazisiýalaryny,hasda sebit we halkara meseler hakda öz pazisiýalaryny yglan etmege gowy bir pursatdyr.Zarif bu widio maslahatda eden çykyşynda bir taraplaýyn bolaýan hereketleriň ýurtlaryň ykbalyna goýýan täsirlerini açyklap berendir. Ortaýer deňiz boýunça bolan widio konferensiýa bir ýagdaýda geçirildi welin Amerikanyň bir taraplaýyn syýasatlary bilen garşylaşmak jahanda bir zerurlyga öwrülip durandyr.halkara köpçüligi hem bu erbet syýasatlary bilen garşylaşmak ýollary tapjak bolýandyr. halkara köpçüligi erbet syýasatlaryň jahanda adaty bir işe öwrüljegiň öňüni almak ugurda tagalla etýändir.şu hakda belli bir mysal bardyr,ol hem halkara ýadro ylalaşygyndyr.Barjam ylalaşygy BMG-niň amanlyk şurasynyň agzalarynyň hyzmatdaşlyk bilen halkara amanlygy we parahatçylygy pugtalandyrmak üçin baglanyndy.Amerika Barjam ylalaşygyna gol goýan ýurtlaryň birisi bolsada emma soňralar bu ylalaşykda goýan golundan dändi we Barjam ylalaşykdan çykdy. Amerika şu hereketi bilen halkara hyzmatdaşlyklaryň şoň ýanda hiç bir ähmiýeti ýoklygyny hemmelere subutlady.