Eýranly alymlaryň korona sanjymyny öndürmekde gazanan üstünlikleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8209-eýranly_alymlaryň_korona_sanjymyny_öndürmekde_gazanan_üstünlikleri
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri, birnäçe Eýranly gözleg toparynyň Corona sanjymyny öndürmekde öňegidişligini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 17, 2020 12:51 Asia/Ashgabat
  • Eýranly alymlaryň korona sanjymyny öndürmekde gazanan üstünlikleri

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministri, birnäçe Eýranly gözleg toparynyň Corona sanjymyny öndürmekde öňegidişligini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Said Namaki", Covid-19 keseli üçin derman öndürmek boýunça 57 gözleg toparynyň alyp barýan işlerine yşarat edip Eýran halkara gözlegleriň iň işjeň ýurtlaryndan biridir we köp sanly gözleg işlerine we netijelerine eýedir diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri sözüniň dowamynda Bagtymyza, haýwan modellerinde gowy netijeler gazanyldy we ýakyn wagtda Eýranly gözlegçiler tarapyndan öndürilen sanjym adamlarda synagdan geçiriler diýdi.

Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 14 milliona ýetdi.