Eýranda azyndan 247 müň adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8250-eýranda_azyndan_247_müň_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 247,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 23, 2020 13:13 Asia/Ashgabat
  • Eýranda azyndan 247 müň adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 247,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 621 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan iki müň 4-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 284 müň 34 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 221 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 15 müň 230-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 247 müň 230 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany mezende 15 million 398 müň adama bardy şolardan azyndan 630 müňden gowragy öldi we azyndan 9 million 373 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.